Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi.

Bu ýerde alabaý köpdürli görnüşlerde: rahatlygynda we hereketde, owadan, tebigy görnüşleriň öňünde, bahar ýaýlalarynyň arasynda, awçylygyň dartgynly pursatlarynda, oba durmuşynda, halk däp-dessurlarynyň keşbinde, çagalaryň ýanynda we olaryň goraýan sürüleri bilen… görkezildi.

Syn ediş meýdançasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň oňat alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Tohum itleriň her bir wekili: ady, ýaşy, nesil şejeresi baradaky maglumaty, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we tomaşaçylara görkezilýär. Jemleýji tapgyra çykanlaryň ählisi meşhur ata-babalaryndan gözbaş alýan ol ýa-da beýleki nesil ugruny dowam edýär hem-de janköýerleriň köp sanlysy arassa ganly alabaýlara häsiýetli bolan alamatlara baha berip bildiler.

Dabaranyň çäklerinde eminler toparynyň başlygy “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Baýramowa “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri P.Mämiýewe “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri üçin; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory, suratçy dizaýneri B.Mämmetgurbanowa “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitabynyň bezeg işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat we şahadatnama gowşuryldy.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.