Hy­ta­ýyň elekt­roulag kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Ji­du Auto» ýa­kyn 5 ýyl­da «akyl­ly» aw­tou­lag­la­ra 7,7 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­uljak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Hy­ta­ýyň «Bai­du» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem-de «Gee­ly» aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hyz­mat­da­şy bo­lan «Ji­du Auto» kompaniýasy «akyl­ly» ulag önüm­çi­gi­li­ne gi­riş­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
«Ji­du Auto»-yň baş di­rek­to­ry Sia Ýi­ping, kom­pa­ni­ýa­nyň 3 ýyl­dan soň il­kin­ji elekt­rou­la­gy­ny sa­tu­wa çy­kar­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji mo­de­lin­den soň her ýyl tä­ze elekt­rou­la­gy­ny köp­çü­li­ge hö­dür­lär. Şeý­le hem, kom­pa­ni­ýa 3 mü­ň adamy işe al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ulag­lar «Gee­ly» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň aw­tou­lag za­wod­la­ryn­da ön­dü­ri­ler.

Gur­ban­sol­tan RE­JE­PO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.