Adamlar daşary ýurtlara gezelenje gidenlerinde şol ýurtlaryň özüne mahsus harytlaryny sowgatlyk hökmünde satyn alýarlar. Fransiýanyň «Club Med» syýahatçylyk kompaniýasy bu barada maglumlatlary jemläp, halk köpçüligine ýetirdi.
Demirgazyk Amerika sebitinde iň köp satyn alynýan sowgatlyk harytlaryň arasynda kofe, süýjülik we örtükler bar. ABŞ-a gelýän adamlar sowgat hökmünde amerikan süýjülerini satyn alýarlar. Bu sebitde ekwatorda ýerleşýän ýurtlardan köpräk kofe satyn alýarlar. Hususan-da, Ýamaýkanyň kofeleri dünýäde meşhurlygy bilen tapawutlanýar.
Ýewropa sebiti barada aýdylanda, Beýik Britaniýada saýawan satyn alynýan bolsa, Belgiýadan, Fransiýadan we Irlandiýadan şokolad, Latwiýadan, Litwadan we Polşadan şaý-sepler satyn alýarlar.
Aziýa sebitinde bolsa Ýaponiýadan origami sungatyna degişli sowgatlyk harytlary satyn alynýar. Kalligrafiýa toplumlary Hytaýdan galan ýakymly ýatlamalary özünde jemleýän bolsa, koreý çaýy Koreýa Respublikasynyň iň meşhur sowgatlyk harydy hasaplanýar.
Gurbanmyrat GULMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.