Mad­rid uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry gün­de bir bul­gur ko­fe iç­me­giň er­kek ki­şi­le­riň eşi­di­şi­ni go­wu­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri «Re­se­archGa­te» yl­my por­ta­lyn­da çap edil­di. Alym­lar her gün ko­fe iç­ýän or­ta ýaş­ly er­kek­ler­de we ze­nan­lar­da sy­nag ge­çir­di­ler. Sy­nag edil­ýän­le­riň her bi­ri­niň eşi­di­şi sy­na­gyň ba­şyn­da we ahy­ryn­da bar­la­nyp­dyr. Şeý­le sy­nag 11 ýy­lyň do­wa­myn­da 36 müň adam­da ge­çi­ri­lip­dir. Ne­ti­je­ler eşi­di­şiň pe­sel­me­gi­ne tä­sir edip bil­jek beý­le­ki ýag­daý­lar göz öňün­de tu­tu­lyp sel­je­ril­di. My­sal üçin, hü­när­men­ler sy­nag edil­ýän­le­riň dog­ry dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­di­gi­ne, nä­hi­li güýç­li aý­dym­la­ry diň­län­dik­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­di­ler. Şol bir wag­tyň özün­de, ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ko­fe iç­mek bi­len ze­nan­la­ryň eşi­diş uky­by­nyň ara­syn­da hiç hi­li bag­la­ny­şyk ta­pyl­ma­dy. Alym­lar bu ýag­da­ýy er­kek we ze­nan or­ga­niz­mi­niň fi­zio­lo­gi­ýa­syn­da­ky ta­pa­wut­lar bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler ko­fe­niň dü­zü­min­dä­ki an­ti­ok­si­dant­lar we kä­bir bir­leş­me­le­riň so­wuk­la­ma gar­şy dur­mak ukyp­la­ry se­bäp­li eşi­di­şe oňaý­ly tä­sir edip bil­ýän­di­gi­ni öňe sür­di­ler. Bar­lag to­pa­ry­nyň dü­zü­mi­ne gi­ren dok­tor Mar­kos Ma­ça­do-Fra­gu aşa köp ko­fe iç­me­giň eşi­di­şi go­rap bil­me­jek­di­gi­ne ün­si çek­di.

Oraz GAR­LY­ÝEW,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.