Hytaýyň awtoulag öndürijisi «IM Motors» daş-töweregindäki hapa howany arassalaýan ekologiýa taýdan arassa ulagyň taslamasyny işläp düzdi. «Airo» atly ulagyň 2023-nji ýylda önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. Giň göwrümli ulag birnäçe aýratynlygy özünde jemleýär. Onuň içerki bölegini zerur bolanda iki adamlyk ýatylýan stola öwürmek bolar.
Hytaý kompaniýasynyň öndürjek bu ulagynyň taslamasy Angliýanyň «Heatherwick Studio» kompaniýasy tarapyndan taýýarlandy. «Airo» diýlip atlandyrylýan ulagyň syýahat wagtynda beýleki ulaglaryň galdyran hapalaryny arassalap, soňra arassa howany atmosfera iberjekdigi mälim edildi.
«Heatherwick» studiýasy tarapyndan berlen beýanatda bolsa bu ulagyň ýolagçylaryň uzak ýollarda bökdençsiz ukusyny almagyna giň mümkinçilik döretjekdigini mälim etdi.
Bu sürüjisiz awtoulag elektrik energiýasynda işlär we uglerod zyňyndylaryny emele getirmeýär. Şeýle hem ulagyň howadan hapalanýan bölejikleri aýyrmaga ukyply aşaky böleginde ýerleşdirilen iň häzirki zaman «HEPA» süzgüç ulgamy bilen enjamlaşdyryljakdygy bellenilip geçildi.
Polat TOŇŇYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.