Dün­ýä bel­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hon­do» kom­pa­ni­ýa­sy 2040-njy ýyl­da äh­li ulag­la­ry­ny elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­de ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy To­şi­hi­ro Mi­be bel­läp geç­di. Köp kom­pa­ni­ýa­lar eý­ýäm elekt­rik­trou­lag­la­ra geç­me­giň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Gel­jek­de do­ly elekt­rik togy bi­len iş­leýän ulag­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňeltme­gi mak­sat edin­ýän ön­dü­ri­ji­le­riň sa­ny barha art­ýar.
«Hon­da»-nyň tä­ze baş di­rek­to­ry To­şi­hi­ro Mi­be hem il­kin­ji met­bu­gat ýyg­na­gyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň äh­li ulag­la­ry­nyň 2040-njy ýy­la çen­li elekt­rik­li aw­tou­lag bol­ma­gy­ny mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu ugur­da ädim­me-ädim de­giş­li iş­le­riň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, 2030-njy ýyl­da şeý­le ulag­la­ry­nyň sa­ny­ny 40 gö­te­ri­me ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­di­r­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Soň­ra 2035-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 80 gö­te­ri­me ýe­ti­ri­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň ulag­la­ry De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka we Hy­taý ba­za­ryn­da hem tä­ze gör­nüş­de bo­lar.
Mu­nuň üçin kom­pa­ni­ýa 6 ýy­lyň do­wa­myn­da 46,3 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň GM kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ulag­lar üçin ba­ta­re­ýa önüm­çi­lik za­wo­dy­ny 2024-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­mä­ge taý­ýar­lan­ýar.

Ars­lan SEÝ­DUL­LA­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.