Hytaý kosmos giňişligini çuňňur öwrenmek maksady bilen kosmos telekopyny işläp taýýarlaýar. Kosmos teleskopy Ýerdäki teleskoplardan we obserwatoriýalardan tapawutlylykda, asman jisimlerini has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berýär. 2024-nji ýylda uçurylmagyna garaşylýan “Xuntian” atly teleskopyň 2,5 milliard piksellik surat almaga mümkinçiligi bolar. Bu teleskopyň linzasy giňligi 2 metre golaý bolar. Häzriki wagtda kosmosda ABŞ-nyň “Hubble” atly teleskopy bar. “Hubble” 30 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmat edýär. Hytaý teleskopynyň alýan suratynyň durulygy “Hubble”-yňka deňeçer bolar. Emma “Xuntian” “Hubble”-dan 300 esse köp meýdany “görüp” biler. Şeýle hem “Xuntian” gerek bolan halatynda Hytaýyň kosmos bekedine hem birigip biler. Şeýlelikde, oňa tehniki ideg etmek mümkin bolar.

Ýeri gelende aýtsak, “Hubble”-yň 2030-njy ýyllara çenli ulanylmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, NASA Ýewropa kosmos agentligi we Kanada kosmos agentligi bilen bilelikde şu ýylyň ahyrynda belli amerikan astronomy Jeýms Webbiň adyny göterýän kosmos teleskopyny uçurmagy maksat edinýär.

Ýunus Ekizow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.