Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirdi “Apple” geljek bäş ýylyň dowamynda 430 milliard dollardan gowrak maýa goýum özleşdirmegi we 20 müň iş ornuny döretmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň ýetiren zyýanyny dikeltmek işleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekip, 5G, emeli aň we beýleki innowasion tehnologiýalara maýa goýum goýjakdyklaryny mälim etdi. Kuk täze nesil edaralary döretmäge üns berýändiklerini we has “ýaşyl” gelejegi gurýandyklaryny aýtdy. Bu maýa goýumyň mukdary “Apple”-iň 2018-nji ýylda kesgitlän, 350 milliard dollarlyk bäşýyllyk maksatnamasyndakydan 20 göterim köp.

Merkezi edarasy Kaliforniýada ýerleşýän “Apple” maksatnamanyň çäklerinde Demirgazyk Karolinada bir milliard dollardan gowrak maýa goýum goýar we azyndan 3 müň iş ornuny döreder.

Rahym Çaryýew, 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş uniwersitetiniň mugallymy.