Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri şu ýylyň birinji çärýeginde garaşylandan ýokary boldy. Harytlary müşderileriň salgylaryna eltip berýän “Amazon” kompaniýasynyň şu ýylyň birinji çärýegindäki girdejisi 108,5 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň arassa peýdasy 8,1 milliard dollar boldy. Kompaniýanyň geçen ýylyň degişli döwründäki arassa peýdasy 2,5 milliard dollar bolandygy habar berildi. Elektron söwda bilen meşgullanýan kompaniýanyň geçen ýylyň birinji çärýeginde 5,01 dollar bolan her bir paýnamasy şu ýylyň degişli döwründe 15,79 dollara ýetdi.
“Twitter”-iň girdejisi 28 göterim ýokarlanyp, 1 milliard dollardan geçdi. Sosial tor geçen ýylyň degişli döwründe 807,6 million dollar girdeji gazanypdyr. Kompaniýa ýylyň ilkinji üç aýynda 68 million dollar peýda gazanypdy. Geçen ýylyň başynda kompaniýa 8,4 million ýitirendigini mälim edipdi. Şeýle hem “Twitter”-iň şu ýylyň başynda gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim artyp, 199 milliona ýetipdir.
Mundan ozal “Apple”, “Facebook”, “Microsoft” we “Google” kompaniýalary hem birinji çärýekdäki girdejileri barada maglumat beripdi.