“Ford” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 3,26 milliard dollar arassa peýda gazanandygyny mälim etdi. Emma amerikan brendi dünýäde ýüze çykan çip ýetmezçiligi zerarly ikinji çärýekde önümçiligini 50 göterim azaldyp biljekdigini aýan etdi. Kompaniýanyň maliýe işleri boýunça müdiri Jon Lauler geljek ýyla çenli çip ýetmezçiliginiň ýylyň ikinji çärýeginde düzeljekdigini, emma ýylyň ahyryna çenli dowam etmeginiň mümkindigini aýtdy. “Ford” ýylyň ikinji ýarymynda önümçiligini adatdakydan 10 göterim azaltmagy göz öňünde tutýar.
Geçen ýyl dünýäde emele gelen pandimiýa zerarly awtoulag senagatynda önümçilik pese gaçdy. Çip öndüriji firmalar bolsa, has köp islegden artan elektron enjamlary üçin çip öndürip başladylar. Pandemiýa yzda galandan soňra awtoulag öndürijileri önümçiligini garaşylandan hem ýokarlandyrdylar. Muňa garamazdan, çip öndürijileri önümçilik desgalaryny awtoulaglara niýetlenen çipleri öndürmek üçin üýtgetmediler. Şeýlelikde awtoulag öndürijileri üçin çip ýetmezçiligi ýüze çykdy we köp kompaniýa bir-iki hepdeligine önümçiligini togtatmaly boldular.
“Ford” kompaniýasy 22 müň sany çipsiz awtoulagy taýýar etdi. Çip taýýar bolan wagty bu ulaglara gysga wagtda çip dakylyp, satuwa iberiler.