“Toyota” kompaniýasy 2020-nji ýylda umumy satan ulaglary hasaba alnanda, iň pes CO2 çykaran” brend boldy. Täzeçil tehnologiýalary taýýarlamagy bilen tanalýan ýapon brendiniň geçen ýyl satan ähli ulaglarynyň çykarýan kömürturşy gazynyň ortaça mukdary 97,5 g/km diýlip hasaplandy. Muňa “Mazda” we “Lexus” brendleri hem girizildi. Şeýlelikde “Toyota” Ýewropada iň az kömürturşy gazyny çykarýan brend boldy. Barlag 21 Ýewropa ýurdunda geçirildi. Ýewropada ähli ulaglarda geçirilen barlagda bu görkeziji ortaça 106,7 g/km bolupdyr. Brendiň ähli klasa degişli ulagynyň gibrid ýa-da dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini tapmak mümkin. Bu ugurda täzeçil tehnologiýalara üns berýän ýapon brendi gibrid ulaglar bilen bir hatarda “plug-in” gibridleri (zarýad berip bolýan gibrid ulaglar), dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän batareýaly ulaglary we wodorod ýangyçly ulaglary öndürmegini hem-de işläp taýýarlamagyny dowam etdirýär.