“Intel” -iň baş direktorynyň sözlerine görä, “Intel” çip zawodyny gurmak üçin ABŞ-da milliardlarça dollar maýa goýar. Hususan-da, “Intel” Nýu-Meksikodaky “Rio Ranço” zawodyny döwrebaplaşdyrmak üçin 3,5 milliard dollar maýa goýýar. “Rio Rancho” zawody üçünji taraplar üçin çip öndürer. Şol bir wagtyň özünde, täzeleniş tamamlanandan soň, öz mikroshemalarynyň önümçiligi hem artar. “Intel” ozal Arizonada zawod gurmak we ABŞ-nyň hökümetinden grant almak üçin 20 milliard dollarlyk maýa goýumyny yglan etdi.  “Intel” awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny gözlemek we ösdürmek üçin golçur “Mobileye” şereketine 400 million dollar maýa goýýar. Kompaniýanyň merkezi Iýerusalimde ýerleşýär we “Intel” tarapyndan 2017-nji ýylda 15,3 milliard dollara satyn alyndy. Geljekde kompaniýa doly awtonom ulaglary işläp taýýarlar. Mundan başga-da, “Intel” şu ýyl 1000 töweregi işçini işe aljakdygyny aýtdy. Geçen ýyl bu kompaniýa 900 million dollara “Moovit” akylly transport kompaniýasyny hem satyn aldy.