Asly hoşniýetlilige hem parahatçylyk söýüjilige eýlenen halkymyz özüniň ençeme müňýyllyga gol beren taryhynyň dowamynda hemişe-de watansöýüji, döwlet guran millet hökmünde tanalypdyr. Watan üçin şirin jana dözen çyn ärleriň döreden merdanalyk mekdebi nusgalykdyr. Mertligi, edermenligi bilen ýeňiş getiren merdana ata-babalarymyz nesilleriň ebedi buýsanjy, egsilmez hormatyň eýesidir. Gazaply uruş ýyllarynda ýeňşiň gazanylmagy üçin halkymyzyň tyldaky görkezen gahrymançylyklary hem örän uludyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda merdana gerçeklerimiz uly hormat bilen sarpalanýar. Türkmen halky Watan gahrymanlaryna mydama uly hormat, sarpa goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz merdana ildeşlerimiziň taryhy gahrymançylygyna, watansöýüjilik däplerine belent sarpa goýup, her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş gününi uly dabara bilen belleýär.
1941-1945-nji ýyllaryň söweşlerinde wepat bolan gerçekler baradaky ýagty ýatlamalar her bir türkmen maşgalasynda mukaddeslik hökmünde saklanýar. Kimsi eziz atasyny, kimsi gara bagyr perzendini, kimsi söwer ýaryny aldyran ynsanlaryň ol ýyllar baradaky ýatlamalary gam-gussa, şol bir wagtyň özünde-de beýik gahrymançylygyň öňündäki baky tagzyma eýlenýär. Ýar ojagyna wepaly bolup galan uruş ýyllarynyň gelinleri indi kümüş saçly enelere öwrülipdir. Olaryň ýaşan manyly ömri, ahlak päkligi göreldedir.
Bagtyýarlyk döwrümizde Watan gerçekleriniň sarpasy belent tutulýar. Olaryň Watan üçin deňsiz-taýsyz edermenlikleri altyn harplar bilen taryha ýazylandyr. Pederlerimiziň şan-şöhrata beslenen ömür ýollary ýaş nesiller üçin uly mekdepdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly, görkezen edermenlikleri nusga alarlykdyr. Merdana gerçekleriň aldym-berdimli söweşde görkezen edermenlikleri netijesinde Beýik Ýeňiş gazanyldy.
Uruş ýyllarynyň hupbatly azaplaryna döz gelen gerçek ýigitleriň, kümüş saçly ene-mamalarymyzyň taryha siňen göreldesinde jepakeşligiň belent nusgasy bar. Gowgaly günleriň gözli şaýady bolan eneleriň, urşa gidenleriň yzynda galan maşgalalaryň gerdenine juda agyr ýük düşdi. Olar açlygyna-suwsuzlygyna garaman, «Esgerler hiç zada mätäçlik çekmesin» diýip, edermenlik we zähmet gahrymançylygyny görkezdiler. Tylda galan enelerimiz, uýalarymyz, garrylarymyz, jigilerimiz häli-şindi fronta kömek ugratdylar. Mähriban aýal-gyzlarymyz öz bukjalaryndaky apalap saklan ähli şaý-seplerini Beýik Ýeňşiň hatyrasyna bagyşladylar. Olaryň bu gahrymançylygy baky nusgadyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan goragçylarymyzyň hem-de olaryň yzynda ýalňyz galan enelerimiziň mertebesi belent tutulýar, olaryň saglygyny goramak, maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda döwlet derejesinde alada edilýär. Köpasyrlyk taryhy gahrymançylyk nusgasyna öwrülen türkmen topragy hemme döwürde-de özüniň gaýduwsyz merdi-merdanalary bilen tanalýar. Dogduk topraga howp-hataryň sowuk saýasy düşen halatynda, ony serden geçip, döş gerip goran gerçekleriň şöhratly atlary halkyň hakydasynda baky orun alýar. Her ýylyň ajaýyp bahar pasly güller açyp, bägülleriň burk urýan maý aýy gelende, tutuş halkymyz bir ruhy bitewülige has-da jebis jemlenip, şanly senäni – Beýik Ýeňiş gününi uludan toýlaýar. Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezen edermen gerçeklerimiziň, ýar ojagyna wepaly enelerimiziň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Kadyrbergen SETDARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky
2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.