Gep­le­şik­le­ri ýaý­ly­ma be­rip to­ma­şa­ça ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len gu­rul­ýan te­le­diň­ler is­len­dik ýurt­da-da be­lent­li­gi, tä­sin­li­gi, gö­zel­li­gi bi­len şä­he­riň owa­dan bi­na­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Kä­bir diň­ler­de syn­la­ýyş ga­ty, res­to­ran, na­har­ha­na ýa­ly hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär. Şol se­bäp­li sy­ýa­hat­çy­lar­dyr su­rat­çy­lar ta­ra­pyn­dan iň köp su­ra­ta alyn­ýan bi­na­la­ryň ara­syn­da hem bu des­ga­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­niň iň meş­hur te­le­diň­le­riniň kä­bi­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

«Türk­me­nis­ta­n» te­le­ra­dio­ýaý­lym­lar mer­ke­zi binagärlik aýratynlygy bilen binanyň iki tarapynda ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy dünýä binagärlik ulgamynda iň uly ýyldyz hökmünde 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Be­ýik­li­gi 211 met­re ýet­ýän te­le­wi­zi­on mi­na­ra­nyň ýo­kar­syn­da otur­dy­lan kuw­wat­ly an­ten­na­lar gep­le­şik­le­riň to­ma­şa­çy­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Dag ba­şy­nyň kü­müş jy­ga­sy my­sa­ly mer­mer şä­he­ri­mi­ziň äh­li ýe­rin­den, on­dan has alys­lar­dan-da gö­rün­ýän, umu­my meý­da­ny 60 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan bu bi­na­nyň esa­sy­ny ne­sil­ba­şy­myz Oguz ha­nyň asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­giň, ag­zy­bir­li­giň hem-de ber­ka­rar­ly­gyň ro­waç­lan­ma­sy­ny aň­lad­ýan se­kiz­burç­ly ny­şa­ny eme­le ge­tir­ýär.
«Kan­ton» di­ňi. Hy­ta­ýyň Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň iri şä­he­ri Guanç­žou­da­ky iň be­ýik syn­la­ýyş we ara­gat­na­şyk di­ňi­dir. Diň Guanç­žou şä­he­ri­niň Haýç­žu et­ra­byn­da ýer­leş­ýär. 2010-njy ýyl­da açy­lan di­ňiň be­ýik­li­gi 604 metr, üçe­gi­niň be­ýik­li­gi 454 metr. Bu des­ga­ny Ni­der­land­la­ryň IBA (Mag­lu­mat esas­ly bi­na­gär­lik) we Ang­li­ýa­nyň «Arup» kom­pa­ni­ýa­sy gur­ýar. Be­ýik bi­na­nyň iň tä­sin aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem onuň «in­çe bil­li» bol­ma­gy­dyr. Ag­şa­ma­ra Kan­ton di­ňi LED çy­ra­la­ry ar­ka­ly saz­la­şyk­ly yşyk­lar bi­len ýag­ty­lan­dy­ryl­ýar. Diň­de syn­la­ýyş otag­la­ry, aý­lan­ýan res­to­ran­lar, ser­gi meý­dan­ça­sy, dü­kan­lar, ki­no­teatr­lar we beý­le­ki des­ga­lar bar. Bu ýer­dä­ki te­ge­lek eý­wan her 40 mi­nut­dan bir ge­zek aý­lan­ýar.
«CN To­wer». Be­ýik­li­gi 553,3 met­re deň bo­lan ara­gat­na­şyk we syn­la­ýyş di­ňi Ka­na­da­nyň To­ron­to şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. 1976-njy ýyl­da öň­ki de­mir­ýol men­zi­li­niň ýe­rin­de gur­lan «CN To­wer» 2007-nji ýyl­a çen­li «Burj Ha­li­fa» gu­rul­ýan­ça 31 ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň iň be­ýik er­kin gur­lu­şy re­kor­dy­ny sak­la­dy. Şeý­le hem 2009-njy ýy­la çen­li «Kan­ton di­ňi» gu­rul­ýan­ça dün­ýä­niň iň be­ýik di­ňi bol­ma­gyn­da gal­dy. Ol hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­dä­ki iň be­ýik do­ku­zyn­jy gur­luş­dyr we Gün­ba­tar ýa­rym şar­da gu­ry ýer­dä­ki iň be­ýik er­kin gur­luş­ly bi­na ha­sap­lan­ýar. 1995-nji ýyl­da CN di­ňi Ame­ri­ka­nyň gur­lu­şyk in­že­ner­ler jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň hä­zir­ki ýe­di tä­sin­li­gi­niň bi­ri diý­lip yg­lan edil­di. Ýyl­da iki mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­ny ka­bul ed­ýän CN di­ňi Bü­tin­dün­ýä be­ýik diň­ler fe­de­ra­si­ýa­sy­na hem de­giş­li­dir.
«Os­tan­ki­no» te­le­radioýaý­lymlar di­ňi. 1967-nji ýyl­da açylan des­ga bel­li bi­na­gär Ni­ko­laý Ni­ki­tin ta­ra­pyn­dan di­zaýn edil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu diň Rus­si­ýa­da iň be­ýik bi­na bolup, rus te­le­ýaý­ly­my­nyň hem bel­li ny­şa­ny hasaplanýar. Be­ýik­li­gi 540 met­re ýet­ýän «Os­tan­ki­no» 1974-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy bol­ýar. Mosk­wa­nyň iň meş­hur ýer­le­ri­niň bi­ri­nde ýer­leş­ýän bi­na ýyl­da müň­ler­çe ja­han­keş­dä­ni özü­ne çek­ýär. 337 metr be­ýik­lik­dä­ki syn­la­ýyş ota­gy­na ba­ry-ýo­gy 58 se­kunt­da ba­ryp bol­ýar. Bu ýe­re çy­kan her bir myh­man Mosk­wa­nyň gö­zel ýer­le­ri­ni gö­rüp bil­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de aý­na pol, te­les­kop we san­ly gi­je-gün­diz şä­her pa­no­ra­ma­sy bo­lan in­te­rak­tiw mo­dul­lar bar. Mun­dan baş­ga-da, to­mus aý­la­ryn­da açyk ho­wa­da gö­zeg­çi­lik ota­gy (340 m) äh­li myh­man­lar üçin el­ýe­ter­li­dir.
«To­kyo Skyt­ree». 2010-njy ýyl­da, en­tek gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­man­ka, Ýa­po­ni­ýa­nyň iň be­ýik gur­lu­şy­na öw­rül­di. 2011-nji ýy­lyň mart aýyn­da be­ýik­li­gi 634 met­re ýe­ten­de, Kan­ton di­ňin­den oz­du­ryp dün­ýä­niň iň be­ýik te­le­di­ňi bol­dy. Şeý­le hem, «Burj Ha­li­fa­dan» soň­ra dün­ýä­niň iň be­ýi­k ikin­ji des­ga­sy ha­sap­lan­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan des­ga­nyň aşa­gyn­da ak­wa­ri­um­ly uly söw­da top­lu­my ýer­leş­ýär. Diň­de şä­he­ri syn­la­mak üçin iki eý­wan bar. Ýa­pyk eý­wan­lar de­giş­li­lik­de, 350 we 450 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Ýo­kar­ky gat­da şä­he­riň iň go­wy 360 de­re­je­li pa­no­ra­mik gör­nü­şi­ni hö­dür­le­ýän uzyn we giň pen­ji­re­ler bar. Or­ta­ky gat­da sowgatlyk dü­ka­ny we fran­suz-ýa­pon aş­ha­na­sy­na hyz­mat ed­ýän «Mu­sas­hi Sky» res­to­ra­ny bar.