Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

“Arsenaly” öz meýdançasynda 2-1 ýeňip, jogap oýnunda golsuz oýnan “Wilýarreal” topary taryhynda ilkinji gezek UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu olaryň UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji finaly bolar. Ýöne toparyň tälimçisi Unaý Emeri 5-nji gezek Ýewropa ligasynyň finalynda çykyş eder. Ol 3 gezek “Sewilýa”, 1 saparam “Arsenaly” finala çykarypdy. 2019-njy ýylda özüni tälimçilikden ugradan toparyny, ýagny “Arsenaly” ýaryşdan çykaran Unaý Emeri UEFA-nyň bäsleşiklerinde 5-nji gezek finala çykan ilkinji tälimçi bolup, ol bu ugurda Ser Aleks Fergusondan, Karlo Ançelottiden, Marçelo Lippiden hem-de Miguel Munýozdan öňe saýlandy. Ady agzalan bu tälimçiler UEFA-nyň birinji derejeli bäsleşiginde (Çempionlar ligasy) tälim beren toparlaryny 4 gezek finala çykarypdy. 49 ýaşyndaky tälimçi 2014-2015-2016-njy ýyllarda yzly-yzyna “Sewilýa” bilen Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanypdy.