Beýik Britaniýada geçirilen munisipalitet saýlawlarynda “Işçi” partiýasynyň başlygy, asly pakistanly Sadyk Aman Han Londonyň häkimi wezipesine gaýtadan saýlandy. Ikinji tapgyryň ahyrynda Sadyk Han 55,2% sese, onuň esasy bäsdeşi konserwatiw Şon Baýli bolsa, 44,8% sese eýe boldy. 2016-njy ýylda Sadyk Han Ýewropanyň paýtagtynyň häkimligine ýolbaşçylyk eden ilkinji musulman bolupdy. Saýlawlar geçen ýylyň maý aýynda geçirilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli bir ýyl yza süýşürildi.

Londonyň häkimi wezipesine 20 dalaşgär dalaşgärlik etdi. 1970-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Londonda dünýä inen Sadyk Han 2016-njy ýylyň maý aýynda geçirilen saýlawlarda konserwatiw Boris Jonsonyň ornuna Londonyň häkimi wezipesine saýlandy. Han saýlawda iň köp sesi alyp, Beýik Britaniýanyň taryhynda ähli syýasatçylardan öňe geçmegi başardy. Şäher häkimi hökmünde Londonda jemgyýetçilik ulagynyň bahasyny çäklendirmek üçin reformalara başlady, Londonyň Gatwik howa menziliniň giňelmegine goldaw berdi we şäheriň dürli jemgyýetlerini birleşdirmäge ünsi jemledi. Sadyk Han “Time” žurnalynda dünýäniň iň täsirli 100 adamynyň sanawyna girizildi.

Hukuk ugrundan ýokary bilimi bolan Sadyk Han 2008-nji ýylda ýerli öz-özüni dolandyryş meseleleri boýunça döwlet ministri, 2009-2010-njy ýyllarda Ulag meseleleri boýunça döwlet ministri wezipesinde işledi.