Beýik Britaniýanyň hökümeti 1990-njy ýyldaky derejeden 2035-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň we beýleki howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny 78% azaltmagy maksat edinýär. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan ýaýradylan beýanatda bellenilýär.
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson dünýä ýurtlaryny howanyň üýtgemegine garşy göreşde has uly maksatlary kesgitlemäge we 2050-nji ýyla çenli nol görkezijini gazanmak maksady bilen 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlar boýunça goşmaça borçnamalaryny kabul edip, Beýik Britaniýa goşulmaga çagyrdy.
Täze maksat ýylyň ahyryna çenli britan Parlamentinde kesgitlener. Häzirki wagtda ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 68% azaltmak ugrunda iş alyp barýar. Bellenilişi ýaly, 2033-nji ýyldan 2037-nji ýyla çenli döwür üçin Beýik Britaniýanyň uglerod býujeti ilkinji gezek awiasiýa we gämi pudagy tarapyndan emele gelen zyňyndylary öz içine alar.
Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy maslahaty şu ýylyň noýabr aýynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde meýilleşdirilýär. Çäräniň öňüsyrasynda Boris Jonson dünýä liderlerini koronawirus pandemiýasyndan soň ýaşyl tehnologiýalara maýa goýumlaryny artdyrmak we howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak boýunça işjeň göreşmäge çagyrdy.