“Forbes” žurnaly iň köp pul gazanan türgenleriň sanawyny mälim etdi. Žurnalyň habar bermegine görä, sanawyň başyny MMA urşujysy, irlandiýaly Konor MakGregor çekýär. Messidir Ronaldodan öňe saýlanan MakGregor 180 million dollarlyk gazanjy bilen birinji orny eýeleýär. Ilkinji gezek sanawyň iň ýokary basgançagynda orun alan MakGregor ikinji sapar onluga girdi.

Sanawda Lionel Messi 130 million dollar bilen 2-nji, 120 dollar gazanjy bolan Kristiano Ronaldo 3-nji ýeri eýeleýär. Amerikan futboly ligasy NFL-iň “Dallas Kowboýs” toparynyň oýunçysy Dak Preskottyň ýyllyk 107,5 million dollarlyk gazanjy bilen 4-nji bolan sanawynda “LA Leýkersiň” amerikaly super ýyldyzy LeBron Jeýms 96,5 million dollar bilen 5-nji orna mynasyp boldy.

PSŽ-niň braziliýaly ýyldyzy Neýmar Junior 95 million dollar, 20 “Uly tuwulganyň” eýesi, şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer 90 million dollar, F1-iň 7 gezek çempiony, britaniýaly pilot Lýuwis Hamilton 82 million dollar bilen degişlilikde, 6-7-8-nji ýerleri eýelediler.

Amerikaly türgenler – “Tampa Beý Bukkanneers” amerikan futboly toparynyň dünýä belli ýyldyzy Tom Bredi 76 million, “Bruklin Netsiň” ýyldyz basketbolçysy Kewin Durant 75 million dollarlyk gazançlary bilen ilkinji onlugy jemleýän türgenlerdir.