HBO, TNT, CNN we “Cartoon Network” ýaly teleýaýlymlara eýeçilik edýän “Warner Media”-nyň hem-de “Discovery”-niň tagallalaryny birleşdirjekdigi mälim edildi. “AT&T” amerikan telekommunikasiýa kompaniýasynyň eýeçilik edýän “Warner Media” kompaniýasy bu “göçümi” bilen “Netflix”-e we “Disney +”-a bäsdeş bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde köp wagtdan bäri bäsdeş hasaplanýan “Discovery” we “Warner Media” kompaniýalarynyň bu barada gysga wagtda ahyrky şertnama gol çekmegine garaşylýar. AT&T 2018-nji ýylda “Time Warner”-y 81 milliard dollara satyn alypdy.

AT&T-niň eýeçilik HBO tölegli teleýaýlamynyň abunaçylarynyň sany soňky ýyllarda “Tagt oýunlary” (Game of Thrones) serialy bilen 63 milliona ýetipdi. “Discovery”-niň bolsa, “Animal Planet” hem hasaba alnanda, 88 million abunaçysy bar.