“Lamborghini” kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ähli ulaglarynyň gibrid nusgalaryny satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Meşhur italýan kompaniýasy “Aventador”, “Huracan” we “Urus” modelleriniň adaty ýangyçly we elektrik energiýasy bilen işleýän nusgalaryny işläp taýýarlar. 2025-nji ýylyň ahyrynda bolsa, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän superkaryny tanyşdyrar. Brend geljek 4 ýylda 1,5 milliard ýewro maýa goýumy özleşdirip, ulaglarynyň “elektrikleşdirilen” görnüşleriniň sanyny köpelder. Kompaniýa elektroulaglary işläp taýýarlamagy we satuwa çykarmakda bäsdeşlerinden birneme yzda barýar. Kompaniýa şu ýylyň dowamynda iki sany täze V12 motorly modelini tanyşdyrar.