Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

EURO 2020-niň öňdebaryjy toparlaryndan Germaniýanyň ýygyndysynyň hem gutarnykly düzümi mälim edildi. “F” toparçada Fransiýanyň, Portugaliýanyň hem-de Wengriýanyň ýygyndylary bilen Germaniýanyň tälimçisi Ýoahim Löw ýygynda ýene-de Marko Roýsy, şol sanda Ýulian Draksleri, Ýulian Brandty, Niklas Şulsy, Jonatan Tahy çagyrmady. Bawariýanyň ýaş oýunçysy Jamal Musiala bolsa milli toparda orun alan oýunçylaryň biri boldy. Şeýle-de Tomas Müller, Mats Hummels ýaly 2019-njy ýylda mundan soňky planynda bu oýunçylara orun ýok diýen köne ýyldyzlaryny hem täzeden çagyrdy. Žerom Boatengi bolsa sanawa goşmady.

 

DERWEZEÇILER: Manuel Noýer, Bernd Leno, Kewin Trapp

GORAGÇYLAR: Mats Hummels, Antonio Rüdiger, Mattias Ginter, Emre Jan, Niklas Süle, Lukas Klostermann, Marsel Halstenberg, Robin Koh, Robin Gosens, Kristian Günter

ÝARYMGORAGÇYLAR: Toni Kroos, Tomas Müller, Ýoşua Kimmih, Ilkaý Gündogan, Leon Goreska, Leroý Sane, Kai Hawerts, Florian Noaus, Jonas Hofmann, Jamal Musiala

HÜJÜMÇILER: Timo Werner, Serže Gnabri, Kewin Wolland