ROME, ITALY - SEPTEMBER 19: SS Lazio head coach Simone Inzaghi and Benevento head coach Filippo Inzaghi pose before the Friendly Match between SS Lazio and Benevento at Olimpico Stadium on September 19, 2020 in Rome, Italy. (Photo by Marco Rosi - SS Lazio/Getty Images)

Italiýanyň çempionaty “Serie A-da ligadan giden 3-nji topar hem belli boldy. Krotone we “Parmadan” soň “Benewentonyň” hem “Serie A”-da bir möwsümlik başdan geçirmesi tamamlandy. 25-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda Simone Inzaginiň tälim berýän “Lasio” topary öz meýdançasynda “Torino” bilen deňme-deň oýnady (0–0). Bu deňlikden soň, soňky tapgyrda “Torino” bilen duşuşjak Filippo Inzaginiň tälim berýän “Benewento” toparynyň ligada galmak mümkinçiligi aradan aýryldy. Duşuşykdan öň Simona Inzagi agasyna: “Doganym biz Torinony ýeňers, soň sizem olary ýeňip ligada galarsyňyz” diýipdi. Ýöne inisiniň bu arzuwy başa barmady. Inzagileriň kiçisine ulusyny “Serie A”-da alyp galmak başartmady. 2-nji gezek “Serie A”-da çykyş eden “Benewento” möwsüme şowly başlan hem bolsa, soňuny getirmek Filippo Inzaginiň şägirtlerine kyn düşdi we bir möwsümden soň ýene-de “Serie B” düşmeli boldy.