Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ýewropa çempionatynyň soňky çempiony Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Tälimçi Fernando Santos gutarnykly düzüme super ýyldyz Kristiano Ronaldo, Pepe, Rui Patrişio, Žoze Fonte, Žoao Moutinio ýaly tejribeli hem-de möwsümi üstünlikli geçiren Renato Sançes, Ruben Dias, Andre Silwa, Žoao Feliks, Diogo Žota ýaly futbolçylary düzüme çagyrdy. Napolide yzygiderli we üstünli çykyş eden Mario Rui, şeýle-de, Sedrik Soares, Andre Gomeş ýaly oýunçylaryň ýygyndynyň daşynda galdy.

Bu çempionat super ýyldyz, taryhyň milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren 2 futbolçysy Kristiano Ronaldonyň 5-nji Ýewropa çempionaty, umumylykda 9-njy uly ýaryşy bolar.

DERWEZEÇILER: Rui Patrişio, Antoni Lopes, Rui Silwa

GORAGÇYLAR: Pepe, Žoze Fonte, Rafael Gerreýro, Ruben Dias, Žoao Kanselo, Nelson Semedo, Nuno  Mendeş

ÝARYMGORAGÇYLAR: Žoao Moutinio, William Karwalýo, Danilo Pereira, Bruno Fernandeş, Renato Sançes, Ruben Newes, Serjio Oliweira, Žoao Palhinia

HÜJÜMÇILER: Kristiano Ronaldo (k), Bernardo Silwa, Andre Silwa, Gonçalo Gedeş, Rafa Silwa, Žoao Feliks, Diogo Žota, Pedro Gonsalwes