Häzirki wagtda 160 gigawat/sagat bolan global batareýa önümçilik kuwwaty 2030-njy ýylda 6 müň 600 gigawat/sagada ýeter. Bu bolsa, batareýa önümçiliginiň 40 esse artjakdygyny görkezýär. Global maýylganlygy azaltmak maksady bilen, esasan, gatnaw pudagynda elektrik energiýasynyň has köp ulanylmagy maksat edinilýär. Halkara Energiýa Agentliginiň bilermenleri “2050-nji ýylda nol emissiýa: Global energiýa pudagy üçin ýol kartasy” atly maglumatnama taýýarlady. Maglumatnamada 2030-njy ýyla çenli her ýylda önümçilik kuwwaty 35 gigawat/sagat bolan 20 sany desganuň gurulmagy maksat edinilýär. Häzirki wagtda dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sany 5 göterime barabar. Durmuşa geçirilýän maksatnamalar 2030-njy ýylda bu görkezijini 60 göterime ýetirer. Maglumatnamada 2035-nji ýyla çenli satuwa hödürlenýän ulaglaryň ählisiniň diýen ýaly elektrik energiýasy bilen işlejekdigi, 2050-nji ýyla çenli bolsa, ýük ulaglarynyň we awtobuslaryň elektrik energiýasy ýa-da wodorod ýangyjy bilen işlejekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda bar bolan batareýa tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawyň hem artdyryljakdygy bellenilýär.

Bu ugurda gazanylan ösüş käbir minerallara bolan islegi hem ýokarlandyrar. 2030-njy ýyla çenli litiý materialyna bolan isleg 30 esse artar.