17–18-nji maý­da Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­de «Trans­for­ma­si­ýa we pla­ne­ta üçin iň oňat kom­pa­ni­ýa­la­ryň so­si­al tä­si­ri» at­ly IV Ibe­ro-ame­ri­kan kong­re­si (CEAPI) ge­çi­ril­di. La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib deň­zi se­bi­ti dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li ýü­ze çy­kan yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi ýe­ňip geç­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri IV Ibe­ro-ame­ri­kan kong­re­sin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Is­pa­ni­ýa­nyň Prem­ýer-m­inistri Ped­ro San­çes ta­ra­pyn­dan açy­lan we Ko­rol Fi­lip VI ta­ra­pyn­dan öz işi­ni jem­län bu mas­la­hat­da se­bi­tiň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­na­nyp, şu gün­ki gün­de La­tyn Ame­ri­ka­sy se­bi­tin­de has ze­rur bo­lan oňyn üýt­geş­me­le­riň öň­baş­çy­la­ry hök­mün­de işe­wür to­par­la­ryň so­si­al äh­mi­ýe­ti­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Ibe­ro-ame­ri­kan baş sek­re­ta­ria­ty­nyň baş sek­re­ta­ry Re­be­ka Grins­pa­nyň pi­ki­ri­çe, dün­ýä ila­ty­nyň ba­ry-ýo­gy 8 gö­te­ri­mi­niň ýa­şa­ýan La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib deň­zi se­bi­ti hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan soň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dur­nuk­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe iş­le­ri ama­la aşyr­ýar.
La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib deň­zi dün­ýä­dä­ki biodürlüligiň 50 gö­te­ri­mi­ni we dün­ýä­niň süý­ji su­wu­nyň 33 gö­te­ri­mi­ni öz içi­ne al­ýar. Bu ýag­daý dur­nuk­ly oba ho­ja­ly­gy­ny, aras­sa we tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa geç­me­gi ta­lap ed­ýän ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek üçin ze­rur­dyr.