Pandemiýanyň kölegesinde 2-nji möwsümini tamamlaýan futbol dünýäsi kem-kemden özüni dürsäp başlady. Ýöne şonda-da esasan hem maliýe babatda entekler öňki günlerden daşrakda. “KPMG Football Benchmark” şereketi futbol bazarynyň hasabatyny äşgär etdi. Geçen ýylyň fewralynda iň gymmat 500 futbolçynyň transfer bahasy 20 milliard 714 million ýewro deňdi. Bu görkeziji häzirki wagtda bolsa 18 milliard 69 million dollara deňdir. Ilkinji 100-lükdäki futbolçylaryň transfer bahasy bolsa, 8 milliard 41 million ýewrodan 7 milliard 276 million ýewro düşdi.

Häzirki wagtda iň gymmat futbolçy PSŽ-niň fransuz ýyldyzy Kilian Mbappe bolup, onuň transfer gymmaty 189 million ýewro möçberinde. Transfer bahasyny 21 million ýewro ýokarlandyran norwegiýaly Erling Holann 131 million ýewro bilen 2-nji, 127 million transfer baha kesgitlenilýän Harri Keýn 3-nji ýeri eýeleýär. Iki super ýyldyz, karýeralarynyň ahyna golaýlap gelýän Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo ilkinji onluga girmek başartmady.

Şeýle-de ortaça bir futbolçynyň transfer bahasy iň ýokary bolan liga Angliýanyň “Premier Ligasydyr”. “Premier Ligadaky” futbolçylaryň ortaça transfer bahasy 20,1 million ýewro deňdir. Bu ugurda 11,6 million ýewro bilen “Bundesliga” 2-nji, 11 million ýewro bilen “La Liga” 3-nji, 10,7 million bilen “Serie A” 4-nji,  7,6 million ýewro bilenem “Ligue” 1 5-nji orunda barýar.