Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da soňky tapgyrda “Atalantany” Frank Kessieniň penaltiden geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen “Milan” 7 ýyldan soň, 7 çempionlygy bolan ýaryşyna UEFA Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. “Interiň” çempionlygy bilen tamamlanan çempionatda “Milan” 79 utuk bilen 2-nji ýeri eýeledi. Duşuşykdaky 2 penalti urgusy täze rekord boldy. Eminler şu möwsümde “Milanyň” peýdasynda 19-20-nji penalti urgularyny bellediler. Şeýlelikde, “Milan” bir möwsümde iň köp penalti bellenen topar hökmünde özüniň 70 ýyllyk rekordyny täzeledi (18 penalti, 1950/51).
78 utukly toparlardan “Atalanta” bassyr 3-nji gezek 3-nji, mundan öňki 9 ýylyň çempiony “Ýuwentus” 4-nji orny eýeläp, Italiýanyň Çempionlar ligasynyň täze möwsümindäki wekilleri boldy.
Öz meýdançasynda “Werona” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Napoli” 5-nji, “Lasio” 6-njy orunda tamamlady. “Napoli” bilen “Lasio” Ýewropa ligasyna gatnaşsa, 7-nji ýerdäki “Roma” UEFA-nyň täze bäsleşigi Konferensiýa ligasynda çykyş eder.