Halkara bazarda iş alyp barýan «Mazars», «Board Agenda» we INSEAD kompaniýalary emeli aň pudagyna goýulýan maýa goýumlary barada maglumat taýýarlady. Kompaniýalaryň hünärmenleri emeli aň tehnologiýasyna geçmekligiň öňündäki päsgelçilikleri anykladylar. Maglumatda edaralaryň emeli aň tehnologiýasyna geçmekde köne maglumat tehnologiýasy ulgamlarynyň, işe goşulýan goşmaça gymmat baradaky näbellilikleriň päsgelçilik döredýändigi ýüze çykaryldy. Maglumat otuz ýurtda iş alyp barýan kompaniýalaryň dolandyryjylar geňeşleriniň agzalary we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen bilelikde taýýarlandy. Geçirilen barlaglaryň netijesinde kompaniýalaryň 73 göteriminiň bir ýylyň dowamynda emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanyp başlajakdygy anyklandy. Kompaniýalaryň 67 göterimi emeli aň tehnologiýasyna geçmedik ýagdaýynda strategik töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny çaklaýarlar. 54 göterimi bolsa pandemiýanyň emeli aň programmalarynyň kabul edilmegine goşant goşandygyny pikir edýär. Agzalan maglumata görä, kompaniýalaryň 80 göterimi emeli aň tehnologiýasyny durmuşa geçirmekde käbir päsgelçilikleriň bardygyny nygtaýar. Kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň 73 göterimi munuň sebäbini tehniki maglumat ýetmezçiligi bilen düşündirýär. Taýýarlanan maglumatda emeli aň tehnologiýasy müşderilere hödürlenýän hyzmatlar, maliýe we buhgalteriýa ýaly ugurlarda has köp peýdalanylar.
Bilermenler öňki döwürlerde buhgalteriýa hasabatlarynyň depdere ýazylandygyna, 1990-njy ýyllardan başlap kompýuterden peýdalanylandygyna, 2000-nji ýyldan soňra internetiň ýaýbaňlanmagy bilen web esasly buhgalteriýa geçilendigine, mundan soňra emeli aňdan peýdalanyljakdygyna ünsi çekýärler.
Emeli aň elektron maşynlaryň özara maglumat alyşmaklaryny we köp işi awtomat usulda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Bilermenler emeli aň tehnologiýasynyň edaralaryň çykdajylaryny azaltjakdygyny, netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny we üpjünçilik zynjyryny kämilleşdirjekdigini belleýärler.
Nurmyrat ZÜLPIÝEW,
Türkmenistanyň serhet institutynyň uly mugallymy.