“Çelsiniň” UEFA Çempionlar ligasynyň kubogyny taryhynda ikinji gezek gazanmagyna derwezeçi Eduar Mendi uly goşant goşdy. Ol Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş eden ilkinji afrikaly derwezeçi boldy. Senegally derwezeçiniň ýeten bu sepgidi onuň 6 ýyl ozalky durmuş ýoluna seredenimizde diýseň uly, juda täsin wakadyr. Sebäbi 29 ýaşyndaky derwezeçi 6 ýyl ozal iş gözläp ýören biridi.
1992-nji ýylyň 1-nji martynda Fransiýanyň demirgazygyndaky Montwilýe şäherinde dünýä inen Mendi “Le Hawr” toparynyň dürli ýaşlardaky toparlarynda oýnaýar. Mendi 2011-nji ýylda Fransiýanyň 3-nji ligasynyň wekili “Şerburda” professional derejede futbola başlaýar. Ýöne 3 möwsümden soň menejeriniň hem uly ýalňyşlygy bilen Mendi işsiz galýar. Ol şol ýyl işsizlik boýunça degişli guramalara ýüz tutup, belli bir döwür işsizleriň aýlygyny hem almaly bolýar. Soňlugy bilen bir dostunyň kiçeňräk egin-eşik dükanynda işe başlan Mendä garaşylmadyk pursatda, 2015-nji ýylda “Marseliň” “B” toparyndan teklip gelýär. Şol teklibe çenli 23 ýaşynda futboly ymykly taşlamagy hem göz öňünde tutan Mendi üçin bu teklip çölde suw tapan ýaly bolýar. “Marseliň” “B” toparynda çykyş edip başlanyndan soň, has, takygy bir ýyldan soň, şol wagt 2-nji ligada bolan “Stad de Reims” toparynyň skautlarynyň (topara futbolçy gözleýänler) ünsüni özüne çekýär. Bu toparda 2019-njy ýyla çenli 80 duşuşyk geçirýär. Şol ýylyň awgustynda-da 4 million ýewro baha “Renn” toparyna transfer bolýar. Bu klubda-da 2019/20 möwsüminde 25 oýunda toparyň derwezesini goraýar we şolaryň 9-synda gol geçirtmeýär. Pandemiýa sebäpli wagtyndan ir tamamlanan çempionatda “Renn” toparynyň üçünji orny eýelemegine saldamly goşant goşýar. Geçen ýylyň sentýabr aýynda-da 24 million ýewro baha “Çelsi” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşan Mendi “Premier Ligada” 31 oýunda londonlylaryň derwezeçisi bolýar. Petr Çehiň maslahaty bilen “Çelsiniň” derwezeçisi bolan Mendi 16 oýunda derwezesini goldan goraýar. Çempionlar ligasynda-da 12 oýnuň diňe 3-sinde gol geçirden Mendi dünýäniň iň gymmat derwezeçisi Kepa Arrizabalaganyň ätiýajy hökmünde transfer edilip, soňlugy bilen toparyň taryhy ýeňşiniň esasy sütünleriniň biri bolýar.