Psi­ho­log­lar ak­wa­riu­m adam sag­ly­gy­na peý­da­ly­ diýen ne­ti­jä gel­di­ler. Olar su­was­ty dün­ýä­ni syn­la­magyň ada­myň sag­ly­gy­na we maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­na oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu ba­bat­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, ak­wa­riu­ma syn et­megiň ope­ra­si­ýa ýa-da luk­man­çy­lyk amal­la­ryn­dan ozal gor­ky­ny we ala­da­ny ýe­ňip geç­mä­ge kö­mek edip bil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bäş mi­nut­lyk syn­la­ýyş­dan soň­ra adam­lar­da oňyn tä­sir­le­riň bo­lup geç­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ba­lyk­la­ra haý­ran gal­mak bi­len to­ma­şa et­mek, ada­myň iç­ki duý­gu­sy­ny go­wu­lan­dyr­ýar, ga­ha­ryň hem-de new­ro­lo­gik we psi­ho­lo­gik ala­mat­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly kem­çi­lik­le­riň öňü­ni almaga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Öý­de ak­wa­riu­myň bol­ma­gy mek­dep okuw­çy­la­ry üçin hem peý­da­ly­dyr. Bu ola­ryň özü­ne bo­lan yna­myny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we mu­gal­lym­la­ry bi­len ra­hat ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gyna müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Gül­ler GUR­BA­NO­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.