Kip­riň Mer­ke­zi saý­law ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Kos­tas Kons­tan­ti­nu 30-njy maý­da ada­nyň bir pa­la­ta­ly Par­la­men­ti­ne ge­çi­ri­len saý­law­la­ry­ň ne­ti­je­le­ri­ni yg­lan et­di. Saý­law býul­le­ten­le­ri do­ly sa­na­lan­dan soň, il­kin­ji üç par­ti­ýa öňe saý­lan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, do­lan­dy­ry­jy De­mok­ra­tik as­samb­le­ýa par­ti­ýa­sy (DI­SI) 56 de­pu­tat or­nun­dan 17-si­ne eýe bol­dy. Ýö­ri­te da­ba­ra­da Kons­tan­ti­nu 56 tä­ze Par­la­ment ag­za­sy­nyň ady­ny yg­lan et­di we saý­law­la­ra gat­na­şan 15 par­ti­ýa­nyň 7-si­niň Kip­riň bir pa­la­ta­ly mej­li­sin­de orun­la­ry alan­dy­gy­ny aýt­dy.
Ikin­ji or­na eýe bo­lan Kip­riň zäh­met­keş hal­ky­nyň çep­çi prog­res­siw par­ti­ýa­sy (AKEL) 15 orun, onuň yz ýa­nyn­dan gel­ýän De­mok­ra­tik par­ti­ýa (DI­KO) 9 or­na eýe bol­dy. Tä­ze mej­lis­de DI­SI we AKEL her­si bir or­ny ýi­tir­di. Uly par­ti­ýa­lar ta­ra­pyn­dan ýi­ti­ri­len ses­le­riň kö­pü­si ki­çi par­ti­ýa­la­ra geç­di.
Her bäş ýyl­dan bol­ýan saý­law­lar 56 orun üçin ge­çi­ril­di. Ola­ra 658 da­laş­gär hö­dür­len­di, şo­lar­dan 651-si 15 par­ti­ýa, he­re­ket ýa-da sy­ýa­sy güýç­ler to­pa­ry­na we­kil­çi­lik et­di, ga­lan ýe­di­si bol­sa ga­raş­syz da­laş­gär­ler­dir. Da­laş­gär­le­riň umu­my sa­ny­nyň dört­den bir bö­le­gi­ni 160 (24,31%) ze­nan­lar düz­di.