Argentinaly meşhur futbolçy Karlos Tewez 37 ýaşynda futbol karýerasyny tamamlady. Ol: “Şu gün resmi ýagdaýda futboly taşlaýaryn. Ýöne bilip bolýarmy, belki-de üç aýyň dowamynda irden turup, täzeden ýene-de futbol oýnap başlamagym mümkin, emma bu ýagdaý bolaýanda-da Boko Huniorsda bolmaz” diýip, futboly taşlaýandygyny beýan etdi. 2001-nji ýylda başlan professional karýerasynda 549 oýunda 221 gol geçirip, 104 goluň pasyny beren Tewez degişlilikde, “Boko Huniors”, “Korintians”, “West Ham”, “Mançester Ýunaýted”, “Mançester Siti”, “Ýuwentus”, “Boko Huniors”, “Şanhaý Şenhua” we 3-nji gezek “Boko Huniors” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol milli ýygyndyda 76 oýunda 13 gezek tapawutlandy. Tewez hytaý topary “Şanhaý Şenhuada” oýnan 2 ýyllyk döwründe ýylda 42 million dollar gazanyp, iň köp aýlyk futbolçy bolupdy.
Soňky 10 günüň dowamynda Tewezden öň germaniýaly Sami Kedira hem-de daniýaly Niklas Bendtner hem professional futbol karýeralaryny tamamlapdy.