Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Kanuna gol cekdi.

1-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.
2-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny we onuň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.