Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Halkara kosmos bekedine berkidiljek “Nauka” modulynyň taýýarlanmagy üçin iki kosmonawt “kosmos ýörişine” çykdylar. Russiýanyň kosmos agentligi (ROSCOSMOS) tarapyndan berlen beýanatda beketde iş alyp barýan Oleg Nowitskiý we Pýotr Dubrow stansiýanyň daşyna çykyp, “Nauka” modulyna taýýarlanmagy we yzygiderli tehniki ideg işlerini ýerine ýetirmek üçin stansiýanyň daşyna çykdylar. Olar açyk kosmosda 7 sagat 19 minut geçirdiler. Bu ýörişiň 6 sagat 50 minut bolmagyna garaşylýardy. “Poisk” modulynyň gapagynyň açylmagy bilen daşary çykan Nowitskiý we Dubrow bekediň daşyna dürli enjamlary oturtdylar. Bu Oleg Nowitskiniň hem-de Pýotr Dubrowyň ilkinji “kosmos ýörişidir”.

“Roscosmos” ýene-de birnäçe günden köp maksatly “Nauka” laboratoriýasynyň işe giriziljekdigini mälim etdi.

Kosmos bekediniň daşyna çykmak örän kyn iş bolup, oňa “kosmos ýörişi” hem diýilýär. Kosmonawtlar mahal-mahal tehniki işleri ýerine ýetirmek üçin bekediň daşyna çykýarlar.