“Nokia” kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylyň iýun aýyndan bäri artýar. Brende eýeçilik edýän “HMD Global”-yň baş direktory Florian Seýçe kompaniýanyň 2020-nji ýylda 55 million el telefonyny satandygyny mälim etdi. Amal ýitgileriniň ep-esli azalmagy sebäpli söwda markasy girdejili gazanmagyny dowam etdirdi. “Counterpoint Research” şereketiniň maglumatlaryna görä, “HMD Global” geçen ýylyň birinji çärýeginde bary-ýogy 1,7 million bolupdyr. Bu görkeziji 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde 1,4 milliona çenli azalypdyr. Ýöne 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde 2,1 milliona, dördünji çärýeginde 2,8 milliona ýetipdir. “HMD Global”-yň habaryna görä, “Nokia”-nyň smartfondan satuwyndan alýan girdejisi Hindistan ýaly ösüp barýan bazarlara hödürlenýän 4G telefonlary sebäpli artar. Florian Seýçe häzirki global çip ýetmezçiliginiň hem “Nokia” smartfonlarynyň üpjünçiligine täsir edýändigini aýtdy.