Maldiwler Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulla Şahid Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlandy. Şahid Baş Assambleýadaky ses berlişikde köp ýyl Owganystanda zähmet çeken tejribeli diplomat, doktor Zalmaý Rassul bilen bäsleşdi. Ses berlişigiň netijesinde Şahid 143, Rassul 48 ses aldy.
BMG-niň Baş Assambleýasyna her ýyl dünýäniň bir sebitinden saýlanan diplomat ýolbaşçylyk edýär. 76-njy sessiýany dolandyrmak gezegi (2021-2022-nji ýyllar) Aziýa-Ýuwaş ummany toparyndan bir ministre degişlidi. Şeýlelikde, Maldiwleriň daşary işler ministri bu wezipä saýlandy. Abdulla Şahid şu ýylyň 14-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyrdan bu wezipäni kabul edip alar. Maldiwler Respublikasy Şahidiň dalaşgärligini 2018-nji ýylyň dekabrynda mälim edipdi.