Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Günorta Afrika Respublikasynda ýaşaýan Gosýame Tamara Sitole atly aýalyň üç gyzy, 7 ogly boldy. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri bolsa, bu habaryň eşidilmegi bilen rekordy hasaba almak üçin taýýarlyk görüp başladylar. 37 ýaşly zenan bäbeklerini göwreliliginiň 29-njy hepdesinde dünýä inderdi. Lukmanlar enäniň we bäbekleriň saglygynyň kadalydygyny mälim etdiler. Tamaranyň ýanýoldaşy Teboho Sotetsi örän begenendigini we tolgunandygyny mälim etdi. Zenan göwreli wagty lukmançylyk gözegçiliginde göwresinde 8 bäbegiň bardygy aýdylypdyr. 10 bäbegi dünýä inendigini gören lukmanlar bu ýagdaýa haýran galypdyr.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili bu ugurdaky rekordyň günorta afrikaly zenana geçirilmeginiň öwrenilýändigini aýdyp, maşgalany tüýs ýürekden gutlaýandygyny aýtdy. Gysga wagtdan maslahatçynyň we hasaba alyjy wekiliň bu maşgalanyň ýanyna barjakdygy mälim edildi.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň maý aýynyň başynda malili zenan dokuz bäbegi dünýä inderip bu ugurda rekord goýupdy.