Çempionatyň topy adatça bolşy ýaly, dünýä belli nemes şereketi “Adidas” kompaniýasynyň topy bolup, ol “Uniforia” diýlip atlandyrylýar. “Uniforia” ady “unity” (birlik, bitewülik) hem-de “euphoria” (şatlyk, keýpiköklük, göçgünli wagtyhoşluk) diýen sözlerden emele gelýär. Ähli barlaglardan geçirilen topuň 70 göterimi poliuretan, 20 göterimi poliester hem-de 10 göterimi-de wiskozadan (emeli ýüpek) ybaratdyr.
* * *
Her çempionatda, bäsleşikde bolşy ýaly EURO 2020-niň talismany (nyşany) “Skillzy” diýlip atlandyrylýar. Bu gahrymanyň ady erkin we köçe futbolyny hem-de futboldaky hereketliligi, ukyby aňladýar.