Gün ter­ti­bi­ne ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­mek me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mas­la­ha­ty açyp, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­we söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­ty­ny ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri­niň pi­le tab­şyr­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ren­dik­le­ri ha­kyn­da­ky hoş ha­bar bi­len baş­la­dy.
Giň ge­rim­li döw­let gol­da­wy ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer ýü­pek­çi­le­ri mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram edil­ýän ýy­lyn­da Wa­tan har­ma­ny­na 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le tab­şy­ryp, öz üst­le­ri­ne alan şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin dö­re­di­len şert­le­riň ne­ti­je­si­dir.
Wi­se-prem­ýer oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za oba zäh­met­keş­le­ri­niň ne­ti­je­li zäh­me­ti üçin dö­re­dil­ýän şert­le­re çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz hoş ha­ba­ry ka­na­gat­lan­ma bi­len ka­bul edip, hem­me­le­ri, şol san­da we­la­ýat hä­kim­le­ri­ni hem-de oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li iş­gär­le­ri­ni ýur­du­myz­da pi­le taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, ýo­ka­ry hil­li pi­lä­niň tab­şy­ryl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Eder­men pi­le­çi­le­ri­mi­ziň yh­las siň­di­rip, ir­gin­siz çe­ken zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de ön­dü­ri­len pi­lä­niň bol ha­sy­ly bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ha­lal ojak­la­ry­nyň be­re­ke­di­dir, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dy­my se­net­çi­li­gi­niň bi­ri bo­lan ýü­pek­çi­li­giň my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň pi­le ön­dü­ri­ji­le­rin­den ka­bul edi­lip al­nan pi­lä­niň ta­la­ba­la­ýyk şert­ler­de sak­la­nyl­ma­gy­ny hem-de ony gaý­ta­dan iş­le­ýän de­giş­li kär­ha­na­lar­da ýo­ka­ry hil­li ýü­pek önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz tab­şy­ry­lan pi­le üçin pi­le ön­dü­ri­ji­ler bi­len ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­li­gi has-da ös­dür­mek üçin we­la­ýat­lar­da tut na­hal­la­ry­ny ek­mek iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy­na aý­ra­tyn üns ber­mek ba­ra­da gör­kez­me ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri­ne orak döw­rün­de işiň üs­tün­de bo­lup, iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri­ne bol­sa an­na gü­ni – 11-nji iýun­da hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da gal­la ora­gy­na baş­la­mak ba­ra­da gör­kez­me ber­di.
Soň­ra iş mas­la­ha­ty Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wiň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hem-de bu se­bi­tiň et­rap­la­ry­nyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la ora­gy­nyň bar­şy bi­len gy­zyk­lan­dy. Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gur­ba­now se­bi­tiň gal­la­çy­la­ry­nyň gyz­ga­laň­ly möw­sü­mi­niň baş­la­nan­dy­gy­ny, ora­gyň dep­gi­ni­niň gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. We­la­ýa­tyň eke­ran­çy­la­ry bug­daý ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak bo­ýun­ça döw­let tab­şy­ry­gy­ny ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi, şeý­le­lik­de, hormatly Prezidentimiziň Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na go­şant goş­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.
Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça şu ýyl 195 müň gek­tar ýe­re bug­daý ekil­di. Şon­ça gek­tar­dan Wa­tan har­ma­ny­na 400 müň ton­na guş­gur­sak bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şyr­mak mak­sat edi­nil­ýär. Hä­zi­re çen­li gal­la meý­dan­la­ryn­dan 100 müň ton­na çen­li ha­syl ýyg­na­lyp, bel­le­ni­len me­ýil­na­ma 25 gö­te­ri­me go­laý ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di.
Tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­lar öz wag­tyn­da ge­çi­ril­ýär. Orak möw­sü­min­de ha­sy­ly bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýyg­nap al­mak we sak­la­mak, şo­nuň ýa­ly-da, ora­ga gat­naş­ýan­la­ryň my­na­syp zäh­met çek­mek­le­ri we dynç al­mak­la­ry üçin hem­me ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär.
Soň­ra iş mas­la­ha­tyn­da Bä­her­den et­ra­by­nyň hä­ki­mi D.Ho­ja­ýew ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. Et­rap bo­ýun­ça şu ýyl 21 müň 100 gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di. Orak möw­sü­min­de gal­la oru­jy kom­baýn­la­ryň 63-si, bug­da­ýy da­şaý­jy aw­tou­lag­la­ryň 315-si ula­nyl­ýar. Et­rap­da dä­nä­ni ka­bul ediş bö­lüm­le­riň 4-si iş­le­ýär. Şo­lar­da gal­la­ny de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak üçin ze­rur iş­ler ge­çi­ril­di.
Şu ýyl 44 müň ton­na möç­ber­de taý­ýar­la­nyl­ma­ly bug­da­ýyň hä­zi­re çen­li 11 müň ton­na go­la­ýy ýyg­na­lyp, me­ýil­na­ma 24,5 gö­te­rim­den gow­rak ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Hormatly Prezidentimiziň gal­la önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len hem-de gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin dö­re­den şert­le­ri ne­ti­je­sin­de möw­sü­miň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek ug­run­da äh­li çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hä­kim et­rap­da önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len öz wag­tyn­da ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ne, ha­sy­lyň iň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li do­ly ýyg­na­lyp al­nyp, har­ma­na tab­şy­ryl­jak­dy­gy­na ynan­dy­ryp, et­ra­byň zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ba­tyn­da tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­nyň dep­gi­ni­ni gow­şat­man, bu ugur­da iş­le­ri güýç­len­dir­mek üçin goş­ma­ça çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Gök­de­pe et­ra­by­nyň hä­ki­mi Ç.Çar­ly­ýew ha­sa­bat bi­len çy­kyş et­di. Hä­kim Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny ös­dür­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­ly­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tu­tum­ly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Et­rap hä­ki­mi mil­li Li­de­ri­mi­ze şu ýyl ýe­tiş­di­ri­len bol bug­daý ha­sy­ly­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýyg­nap al­mak hem-de ony sak­la­mak üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ho­şal­lyk bil­dir­di.
Gök­de­pe et­ra­by­nyň hä­ki­mi şu ýyl je­mi 21 müň 500 ton­na guş­gur­sak ak bug­da­ýy ýyg­na­ma­gyň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Möw­süm­de kom­baýn­la­ryň 35-si­niň, ulag­la­ryň 175-si­niň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Gün­de­lik ga­za­nyl­ýan ösüş 7 gö­te­rim­den gow­rak bo­lup, hä­zi­re çen­li önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­sy 26,6 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Meý­dan­lar­dan ýyg­na­lyp alyn­ýan gal­la ha­sy­ly­ny et­rap­da ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 2-si bök­denç­siz ka­bul ed­ýär.
Ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly iň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li do­ly ýyg­nap, har­ma­na tab­şyr­mak hem-de ka­da la­ýyk sak­la­mak, şeý­le-de dä­ne ön­dü­ri­ji­ler bi­len ha­sap­la­şyk­la­ryň wag­tyn­da, ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hä­kim Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň giň­den we da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­de go­ýan anyk tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de yh­las­ly zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­na­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Öz no­ba­tyn­da, Ak bug­daý et­ra­by­nyň hä­ki­mi H.Aşyr­my­ra­dow bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin bö­lü­nip ber­len 28 müň 100 gek­tar meý­dan­dan şu ýyl 62 müň 550 ton­na ha­syl al­ma­gyň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi hem-de bu ugur­da döw­let ta­ra­pyn­dan ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi be­re­ket­li ha­sy­ly ýe­tiş­dir­me­giň mö­hüm şert­le­ri­ni üp­jün et­di.
Gal­la ora­gyn­da bug­daý oru­jy kom­baýn­la­ryň 105-si, dä­ne da­şaý­jy aw­tou­lag­la­ryň 525-si ula­nyl­ýar. Et­rap­da gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 10-sy he­re­ket ed­ýär. Hä­zi­re çen­li ýyg­na­lyp al­nan bug­daý ha­sy­ly­nyň muk­da­ry 16 müň 683 ton­na ba­ra­bar bo­lup, bel­le­ni­len me­ýil­na­ma 26,67 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Gün­de­lik ga­za­nyl­ýan ösüş bol­sa 7 gö­te­ri­me deň­dir.
Hä­kim ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly iň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li do­ly ýyg­nap, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­mak we ony de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak ug­run­da äh­li ze­rur çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy hem-de daý­han­la­ryň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin dö­re­dip ber­ýän hem­me müm­kin­çi­lik­le­ri we yzy­gi­der­li he­ma­ýat-gol­daw­la­ry üçin et­ra­byň ag­zy­bir ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baştutanymyza tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, azyk­lyk bug­da­ýyň şu ýyl üçin taý­ýar­la­nyl­ýan muk­da­ry­ny üp­jün et­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, bu ugur­da möw­sü­me gat­naş­ýan äh­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn ýo­la goý­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Ka­ka et­ra­by­nyň hä­ki­mi P.Ora­zow bug­daý ora­gy­nyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Et­rap bo­ýun­ça 41 müň gek­ta­ra bug­daý to­hu­my se­pi­lip, öz wag­tyn­da ge­çi­ri­len ag­ro­teh­ni­ki we beý­le­ki ze­rur iş­le­riň ne­ti­je­sin­de be­re­ket­li ha­syl ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Döw­le­te tab­şyr­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­da bel­le­nen we­zi­pe 80 müň 500 ton­na guş­gur­sak dä­nä­ni taý­ýar­la­mak­dan yba­rat­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­dip be­ren äh­li şert­le­rin­den we müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, et­ra­byň daý­han­la­ry hä­zi­re çen­li 20 müň 251 ton­na ha­syl ýyg­na­ma­gyň höt­de­sin­den ge­lip, me­ýil­na­ma­ny 25,16 gö­te­rim ber­jaý et­di­ler. Et­rap­da ga­za­nyl­ýan gün­de­lik ösüş 6 gö­te­ri­me deň­dir. Möw­süm­de kom­baýn­la­ryň 104-si­niň we dä­ne da­şaý­jy ulag­la­ryň 520-si­niň hyz­ma­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Be­re­ket­li ha­syl gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 8-si­ne da­şal­ýar.
Hä­kim ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­nap alyp, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­mak hem-de ony bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da sak­la­mak ug­run­da äh­li çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy hem-de ne­ti­je­li zäh­met çek­mek üçin dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri we yzy­gi­der­li he­ma­ýat-gol­daw­la­ry üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ze­rur iş­le­ri ge­çir­mek üçin hem, oba zäh­met­keş­le­ri­niň me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy üçin hem äh­li şert­le­ri üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Te­jen et­ra­by­nyň hä­ki­mi G.Baý­gel­di­ýew gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän gal­la ora­gy möw­sü­min­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň yh­las­ly zäh­met çek­ýän­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da gö­rül­ýän ta­gal­la­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Şu ýyl et­rap bo­ýun­ça 42 müň 900 gek­tar meý­dan­da bug­daý ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Taý­ýar­la­nyl­ma­ly bug­da­ýyň muk­da­ry bol­sa 86 müň ton­na ba­ra­bar­dyr. Hä­zi­re çen­li 18 müň 658 ton­na dä­ne taý­ýar­la­nyp, me­ýil­na­ma 21,7 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di, gün­de­lik ga­za­nyl­ýan ösüş bol­sa 4,47 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Et­rap­da dä­ne oru­jy kom­baýn­la­ryň 119-sy, gal­la da­şaý­jy ulag­la­ryň 595-si ne­ti­je­li iş­le­dil­ýär, ýyg­na­lyp al­nan ha­syl gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 9-sy­na da­şal­ýar hem-de ola­ryň ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de sak­la­nyl­ma­gy üp­jün edil­ýär, daý­han­la­ryň tab­şy­ran ha­sy­ly üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi ýo­la go­ýul­dy.
Hä­kim ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly iň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li do­ly ýyg­nap, döw­let har­ma­ny­na tab­şyr­mak hem-de sak­la­mak ba­ra­da äh­li çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň daý­han­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri üçin dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri we yzy­gi­der­li gol­daw­la­ry üçin te­jen­li eke­ran­çy­la­ryň adyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­ki­me gal­la­çy daý­han­la­ryň ara­syn­da ýy­gy-ýy­gy­dan bol­mak bi­len, gal­la ora­gy möw­sü­mi­niň dep­gi­ni­ni has-da güýç­len­dir­mek üçin ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň hä­ki­mi P.Işan­gu­ly­ýew ha­sa­bat bi­len çy­kyş edip, jo­gap­kär­li möw­sü­miň dep­gi­ni ba­ra­da mag­lu­mat ber­mek bi­len, iş­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Ge­çen güýz­de et­rap bo­ýun­ça bug­daý ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin 28 müň 700 gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di. Şon­ça meý­dan­dan 58 müň ton­na ak bug­daý taý­ýar­la­mak mak­sat edi­nil­ýär. Daý­han­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk­ly zäh­me­ti gal­la ora­gy­nyň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni üp­jün ed­ýär, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy­nyň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy bol­sa orak möw­sü­mi­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Gal­la ora­gyn­da bug­daý oru­jy kom­baýn­la­ryň 82-si, dä­ne da­şaý­jy ulag­la­ryň 416-sy hem-de ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 6-sy he­re­ket ed­ýär. Şu gü­ne çen­li 13 müň 529 ton­na bug­daý taý­ýar­la­nyp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma 23,33 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Gün­de­lik ösüş bol­sa 4,77 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr.
Hä­kim al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly iň soň­ky dä­ne­si­ne çen­li do­ly ýyg­nap alyp, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­mak we ony ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de sak­la­mak ba­ra­da äh­li çä­re­le­riň gö­rül­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy hem-de et­ra­byň daý­han­la­ry üçin dö­re­dip ber­ýän oňaý­ly müm­kin­çi­lik­le­ri we yzy­gi­der­li he­ma­ýat-gol­daw­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ekin meý­dan­la­ryn­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­na­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Sa­rahs et­ra­by­nyň hä­ki­mi G.Ýaz­gu­ly­ýew şu ýyl be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­nyň ýe­tiş­di­ri­len­di­gi­ni, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ber­ýän yzy­gi­der­li gol­daw­la­ry esa­syn­da, ha­sy­ly ýyg­nap al­mak, da­şa­mak we sak­la­mak üçin hem­me ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze et­ra­byň eke­ran­çy­la­ry­nyň adyn­dan tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýyl bu et­rap­da 22 müň 400 gek­tar­dan je­mi 47 müň 450 ton­na ak bug­daý ýyg­na­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Möw­süm­de kom­baýn­la­ryň 65-si­niň, aw­tou­lag­la­ryň 325-si­niň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we saz­la­şyk­ly gu­ral­ma­gy ne­ti­je­sin­de gün­de­lik ga­za­nyl­ýan ösüş 8 gö­te­rim­den gow­rak bo­lup, hä­zi­re çen­li 13 müň 715 ton­na bug­daý taý­ýar­la­nyl­dy. Mu­nuň özi me­ýil­na­ma­nyň 28,9 gö­te­rim ber­jaý edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Meý­dan­lar­dan ýyg­na­lyp alyn­ýan gal­la ha­sy­ly­ny et­rap­da ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň 5-si bök­denç­siz ka­bul ed­ýär.
Hä­kim ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­nyň ýit­gi­siz ýyg­nal­jak­dy­gy­na hem-de Wa­tan har­ma­ny­na tab­şy­ryl­jak­dy­gy­na ynan­dy­ryp, et­ra­byň ag­zy­bir zäh­met­keş­le­ri­niň adyn­dan ola­ryň ne­ti­je­li zäh­me­ti üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ba­ba­tyn­da hor­mat­ly Prezidentimi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­nyň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, bug­da­ýy gys­ga möh­let­ler­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­gy do­wam et­dir­me­gi, gal­la ora­gyn­da dä­ne ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň we aw­tou­lag­la­ryň do­ly güý­jün­de iş­le­dil­me­gi­ni ga­zan­ma­gy, gal­la ka­bul ediş no­kat­la­ryn­da bug­daý ha­sy­ly­nyň önüm ön­dü­ri­ji­ler­den bök­denç­siz ka­bul edil­me­gi­ni gu­ra­ma­gy tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bug­daý ön­dü­ri­ji­ler bi­len döw­le­te tab­şy­ry­lan ha­syl üçin ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­me­gi tab­şyr­dy hem-de bug­daý ora­gyn­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm iş­le­ri­ni öz wag­tyn­da ge­çir­mek we ara­lyk oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ek­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ra gal­la ora­gy­ny ge­çir­mek­de hem-de ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di we eder­men eke­ran­çy­la­ry­my­zyň öz şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne hem-de döw­let har­ma­ny­na be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şyr­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di.