Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Doň­dur­ma­nyň dü­zü­mi­nde kal­siý, ka­liý, de­mir we sink ýa­ly bir­nä­çe mi­ne­ral­lar bar. Bu dat­ly iý­mi­ti ha­la­ma­ýan az bol­sa ge­rek. Äh­li önüm­ler­de bol­şy ýa­ly, doň­dur­ma al­nan­da hem üns­li bo­l­ma­ly. Gap­la­nan taý­ýar doň­dur­ma­la­ryň da­şyn­da­ky ýaz­gy­lar üns­li okal­ma­ly, ula­nyş möh­le­ti­ne we sak­la­nyş şert­le­ri­ne se­ret­me­li. Şeý­le iý­mit önüm­le­ri­ne go­şun­dy­lar köp go­şul­ýar. Şol se­bäp­li doň­dur­ma­nyň elin taý­ýar­lan­ýan gör­nüş­le­ri­niň has peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem doň­dur­ma­ny öý şert­le­rin­de taý­ýar­lap bol­ýar. Hü­när­men­ler öý­de taý­ýar­la­nan doň­dur­ma­nyň sag­lyk üçin has peý­da­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Doň­dur­ma­ny öý­de süýt, ga­tyk we öz saý­lan mi­we­le­ri­ňi­zi goş­mak ar­ka­ly taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz. Ge­liň, il­ki bi­len doň­dur­ma iý­len­de göz öňün­de tu­tul­ma­ly kä­bir zat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň:
Ag­şa­my­na däl, gün­diz iýiň!
Gap­la­nan doň­dur­ma­la­ryň ýaz­gy­la­ry­ny üns bi­len okaň! Doň­dur­ma­ny ag­şam däl, gün­di­zi­ne iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Gü­nüň do­wa­myn­da üç­den ar­tyk doň­dur­ma iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Süý­jü­li­gi­ne we mi­we­le­re üns be­riň!
Doň­dur­ma äh­li möw­süm­de iýip bol­jak gym­mat­ly iý­mit bo­lup, esa­san hem, ça­ga­la­ryň bo­ýu­nyň ös­me­gi­ne peý­da ed­ýär, süňk­le­ri­ni güýç­len­dir­ýär we iý­mit siň­di­ri­şi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär. Göw­re­li­lik döw­rün­de hem doň­dur­ma iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Eger-de doň­dur­ma­ny öý­de taý­ýar­la­mak is­le­se­ňiz, dü­zü­min­de şe­ker köp bol­ma­dyk mi­we­ler­den peý­da­lan­mak ýer­lik­li bo­lar. Esa­sy dü­zü­mi sü­zü­len ga­tyk bo­lan doň­dur­ma süý­ji ke­sel­li adam­la­ra has-da peý­da­ly­dyr. Taý­ýar­lan doň­dur­ma­ňy­zyň dü­zü­mi­ne ga­ra şo­ko­lad goş­mak keý­pi­ňi­ziň gö­te­rer, al­ma bol­sa be­de­ni­ňi­zi güýç­len­di­rer we özü­ňi­zi has go­wy duý­ma­ga peý­da eder.
Doň­dur­ma taý­ýar­la­mak üçin to­mus­da ýe­tiş­ýän mi­we­ler­den hem peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz. Öý­de doň­dur­ma taý­ýar­la­ma­gyň dür­li usul­la­ry bo­lup, ola­ryň bi­ri­ni si­ze hö­dür­le­ýä­ris! Mu­nuň üçin ýa­rym ki­log­ram ýer­tu­da­na, 1 gap krem (so­wuk), 8 na­har çem­çe­si pud­ra şe­ker, 1 bul­gur so­wuk süýt, 1 na­har çem­çe­si ka­kao ge­rek bol­ýar.
Taýýarlanylyşy:
Ýertudanalary aras­sa­laň we doň­du­ry­jy­da doň­du­ryň! Soň­ra ony ow­nuk kes­ýän en­jam­dan ge­çi­riň we üs­tü­ne so­wuk krem, pudra şe­ker we so­wuk süýt go­şup bu­laň! Ma­za­ly ga­ry­lan doň­dur­ma ga­ryn­dy­ny giň ga­ba sa­lyp so­wa­dy­jy­da go­ýuň! Her sa­gat­da ga­ryn­dy­ny çy­ka­ryp yzy­gi­der­li­lik üçin ga­ryş­dy­ryp dur­sa­ňyz ta­ga­my we süý­di bir-bi­ri­ne ut­ga­şyp, doň­dur­ma ha­ly­na ge­lip baş­lar. Şu yzy­gi­der­li­lik do­wam et­se bu ga­ryn­dy­ny so­wa­dy­jy­da 12 sa­gat goý­mak ýe­ter­lik bo­lar. Taý­ýar bo­lan doň­dur­ma­ny is­le­gi­ňi­ze gö­rä owa­dan­lap, sa­ça­ga go­ýup bi­ler­si­ňiz. Iş­dä­ňiz açyk bol­sun!