Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

34 ÝURDUŇ 211 KLUBUNDAN JEMI 620 FUTBOLÇY

Tälimçiler jemi 620 futbolçyny çempionata çagyrdy. Ispaniýanyň tälimçisi Luis Enrike 24 oýunçy bilen çempionata gatnaşýar. Niderlandlaryň hem-de Polşanyň düzüminden bir futbolçy şikesi sebäpli çempionatyň başlamagyna 3 galanda, çykaryldy. Jemi Ýewropa, Aziýa we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň 34 ýurdundan 211 klubuň futbolçysy Ýewropa çempionatyna gatnaşar. Klublaryň sany boýunça Angliýa 34 klub bilen birinji ýerde barýar. Italýan klublarynyň 19-sy, nemes toparlarynyň 18-si, ispan klublarynyň 16-sy şeýle-de fransuz klublarynyň 12-si öz futbolçylaryny Ýewropa çempionatyna ugratdylar.

IŇ KÖP ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ FINALÇYLARYNDAN

Çempionlar ligasynyň finalynda çykyş eden iki toparyň – “Çelsi” bilen “Mançester Sitiniň” hersinden 15 futbolçy çempionata gatnaşarlar. Şeýle-de “Bawariýadan” 14, “Ýuwentusdan” 12, “Dinamo Kiýewden” den 11, “Mançester Ýunaýted”, “Borussiýa D” bilen “Borussiýa M” toparlaryndan 10, “Inter” bilen “Leipsigden” 9, “Barselonadan”, “Dinamo Zagrebden”, “Tottenhamdan”, “Liwerpuldan”, “Napoliden”, “Atalantadan” 8, “Zenitden”, “Atletikodan”, “Ferenswaroşdan”, “Wulwerhemptondan”, “Lillden”, “Lester Sitiden”, “Lids Ýunaýtedden”, “Şahtýor Doneskden” 7, “Aýntrahtdan”, “Real Madridden”, “Spartak Moskwadan”, “Slawiýa Pragadan” 6 futbolçy sanawa çagyryldy.

IŇLIS KLUBLARY SANAWYŇ BAŞYNY ÇEKÝÄR

Çempionata wekilçilik etjek futbolçylaryň 146-sy iňlis, 91-si nemes, 75-si italýan, 42-si ispan, 32-si rus, 30-sy fransuz, 19-sy ukrain, 18-si türk, 17-si niderland, wenger, 15-si çeh, 14-si şotland, 13-i horwat, 10-sy belgiýa, 9-sy daniýa, polýak, 8-si kipr, portugal, şwed, 6-sy şweýsar, uels, amerikan, 4-si slowak, 3-si hytaý, grek, makedon, 2-si awstriýa, 1-i alban, bosniýa, fin, kanada, ýapon, norweg hem-de serb klublaryndan gatnaşýarlar.

“Çelsi”, “Mançester Siti” – 15 futbolçy

“Bawariýa” – 14

“Ýuwentus” – 12

“Dinamo Kiýew” – 11

“Mançester Ýunaýted”, “Borussiýa D”, “Borussiýa M”  – 10

“Inter”, “Leipsig” – 9

“Barselona”, “Dinamo Zagreb”, “Tottenham”, “Liwerpul”, “Napoli”, “Atalanta”  – 8

“Zenit”, “Atletiko”, “Ferenswaroş”, “Wulwerhempton”, “Lill”, “Lester Siti”, “Lids Ýunaýted”, “Şahtýor Donesk” – 7

“Aýntraht”, “Real Madrid”, “Spartak Moskwa”, “Slawiýa Praga”, “Hoffenhaým”, “Wolfsburg”, “Sassuolo”, PSŽ – 6

“Aýaks”, “Braýton”, “Seltik”, “Feherwar”, “West Ham, “Lokomotiw Moskwa” – 5