Ýewropa çempionatynyň 2-nji gününde Daniýa-Finlýandiýa duşuşygynyň birinji ýarymynyň ahyrlarynda pajygaly waka ýüze çykypdy. Daniýanyň ýyldyz oýunçysy Kristian Erikseniň ýüregi durup, lukmanlaryň kömegi bilen täzeden aramyza dolanypdy. Oýunçy şol günden bäri hassahanada ýatyr. Häzirki wagtda huşy ýerinde bolan futbolçynyň mundan soň futbol oýnamajakdygy welin anyk. Soňky habarlara görä, kem-kemden özüni gowy duýup ugran Erikseniň ýüregine ICD diýlip atlandyrylýan ritm sazlaýjy apparat dakylar. “ICD” – Implantable Cardioverter Defibrillator (bedeniň içine ýerleşdirilip bilinýän Kardiowerter Defibrillator) diýilýän bu enjamyň kömegi bilen ýürekdäki ritm näsazlyklaryň düzeldilmegine ýardam berler. Bu enjam howp astyndaky adamlary ölüm howply wentrikuller aritmiler sebäpli ýüze çykyp biläýjek wakalardan goramak üçin ýasalandyr.