Rowaýaty derwezeçi 20 ýyldan soň ilkinji klubuna dolandy

94

Futbolyň rowaýaty ýyldyzlaryndan, italiýaly meşhur derwezeçi Janluiji Buffon 20 ýyldan soň professional karýerasyna başlan topary “Parma” dolandy. 43 ýaşyndaky weteran derwezeçi täze möwsümde “Serie B”-de çykyş etjek “Parma” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. 1995-nji ýylda “Parmada” futbola başlan Buffon 2001-nji ýyla çenli bu klubda oýnady. Şondan soň şol döwrüň rekord bahasyna Ýuwentusa transfer boldy. Goja Sinýoranyň düzüminde-de 2018-nji ýyla çenli çykyş eden Buffon 1 ýyllyk PSŽ-de oýnanyndan soň ýene-de 2019-njy ýylda “Ýuwentusa” dolandy. Serie A-da iň köp duşuşyk geçiren oýunçy rekordynyň eýesi bolan (657 oýun) Buffon “Ýuwentus” bilen 10 çempionlyk gazandy. Buffon “Parmada” 220 oýun geçiripdi we Italiýanyň Kubogyny, Super Kubogyny hem-de UEFA Kubogyny gazanypdy.