Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ata Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da aý­ra­tyn mer­te­bä gö­te­ren, be­lent de­re­jä ýe­ti­ren gym­mat­lyk­dyr. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy hal­ky­my­zyň ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän mil­li ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge, dün­ýä ýü­zü­ne mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz bi­len çyk­ma­ga giň ýol aç­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tü­miz­dä­ki ýyl döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­niň baý­ram edil­ýän ýy­ly­dyr. 30 ýyl mun­dan ozal öz Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan ata Wa­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ga­za­ny­lan hem-de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler eziz Di­ýa­ry­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gal­dyr­dy.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda obasenagat, söwda we dokma toplumlarynda, gurluşyk, senagat, nebitgaz we energetika pudaklarynda, telekeçilikde gazanylan netijeler ýurdumyzyň depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýär hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylaýandygynyň alamatydyr.

Je­mi içer­ki önü­mi­niň dur­nuk­ly hem-de ýo­ka­ry dep­gin­dä­ki ösü­şi, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi, eks­port ugur­ly tä­ze se­na­gat pu­dak­la­ryň dö­re­dil­me­gi, in­no­wa­si­on ösüş ýo­lu­nyň do­wam et­di­ril­me­gi, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­ny­lan be­ýik ýe­ňiş­ler­dir.
Paý­tagt şä­he­ri­mi­ziň we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne, gu­rul­ýan bi­na­lar­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­nen möh­let­de ta­mam­lan­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, döw­re­bap mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­rynyň we beý­le­ki me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň yzy­gi­der­li gur­lup, hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na be­ril­me­gi Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­gä­niň iş ýü­zün­de amal edil­ýän­di­gi­niň be­ýa­ny­dyr.
Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.Şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ry­ny we dü­kan­la­ry­ny ze­rur ha­ryt­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, azyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga we önüm­çi­li­giň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni, mi­we­li bag­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk, ba­lyk­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­ny ýö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, uzak­möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­me­gi, iri önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň, döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry­nyň, am­mar­la­ryň gu­rul­ma­gy, ak ba­zar­la­ry­my­zyň türk­men top­ra­gy­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri bi­len baý­laş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Ga­raş­syz­ly­gyň il­kin­ji ädim­le­rin­den top­la­nan se­riş­dä­niň hem-de ga­za­ny­lan tej­ri­bä­niň sa­ýa­syn­da soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da me­tal­lur­gi­ýa, dag-mag­dan, ne­bit we gaz-hi­mi­ýa, gä­mi gur­lu­şy­gy, elekt­ron se­na­ga­ty ýa­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýet üçin tä­ze pu­dak­la­ry dö­ret­mek ug­run­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­dy.
Ýur­du­my­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry bo­lan ne­bit­dir gaz­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Bu gym­mat­ly se­riş­de­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mek üçin iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy, ola­ryň ara­syn­dan 2019-njy ýy­lyň tom­sun­da işe gi­ri­zi­len köp ba­bat­da ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­re eýe bo­lan, se­na­gat möç­be­rin­de te­bi­gy ga­zy su­wuk ýan­gy­ja öwür­ýän dün­ýä­de il­kin­ji za­wo­dyň gur­lan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Dün­ýä bi­len aýak­daş gid­ýän ýur­du­myz san­ly ul­ga­myň hem giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Umu­man, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­ret­di. Bu hem Ga­raş­syz­ly­gyň döw­let­li­lik­den ny­şan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ogul­gur­ban ATA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.