Tylla güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Onuň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, milli ýörelgelere wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Şunda bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän mukaddes watançylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ýaş nesiller üçin geçmişimiziň şöhratly taryhyny, häzirki döwrüň beýik üstünliklerini we nurana geljegimizi pugta birikdirýän gymmatly taglymatlar, egsilmez terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Bu ýörelgeler ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyryp, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de abadançylygynyň sarsmaz kepili bolup durýar.
Umumy sapakda türkmençilik däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Bu babatda pederlerimizden miras galan atalar sözleri, nakyllar, tymsallar, hüwdüler ägirt uly terbiýeçilik güýjüne eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsany kämillige ýetirýän ylym hem-de bilimdir» diýen pähimi biziň her birimiz üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr. Watançylyk sapagy ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, milli ýörelgelere wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek babatda has-da jogapkärçilikli işlemäge borçlandyrdy.
Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýbölek BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF








