21-nji iýun Demirgazyk ýarym şarda iň uzyn gün, iň gysga gije. Bu gün gündiz takmynan, 15 sagada barabar bolup, diňe ýylyň iň uzyn güni däl, eýsem astronomiýa babatda demirgazyk ýarym şarda tomsuň, günorta ýarym şarda bolsa, gyşyň başlangyjy hasaplanýar. Iýunyň 21-i Günüň iň depede bolýan günüdir. Günorta ýarym şarda bolsa Günüň iň gytak düşýän güni hasaplanýar. Şu günden başlap, gijeleri gysgalyp başlar. 21-nji iýun demirgazyk ýarym şarda iň uzyn gündiz, iň gysga gije bolýan bolsa, günorta ýarym şarda tersi – iň gysga gündiz, iň uzyn gije bolýar. Bu günden başlap, demirgazyk ýarym şarda gün gysgalyp başlaýan bolsa, günortada gün uzap başlaýar.
Demirgazyk polýusda bolsa, 24 sagatlap gündiz, günorta polýusda 24 sagat gije bolýar.
Iň uzyn gündiz, iň gysga gije hemişe 21-nji iýuna gabat gelmeýär. Bu tebigy ýagdaý dört ýyldan bir gezek, ýagny fewral aýynyň 29-na tamamlanýan ýylda 20-sine gabat gelýär.