Ýewropa çempionatynda “A” toparçanyň soňky duşuşygynda Şweýsariýanyň ýygyndysy uly umyt bildirilen Türkiýäniň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňdi. Şweýsarlara ýeňiş getiren gollary Haris Seferowiç (6) bilen Herdan Şakiri (26, 68) öz atlaryna ýazdyrdylar. Türkiýäniň çempionatdaky ýeke-täk goluny-da 62-nji minutda Irfanjan Kahweji tora girizdi. Häzirki wagtda Şweýsariýa 4 utuk -1 gol (4-5) aratapawudy bilen 3-nji ýeri eýelejek iň gowy 4 toparyň arasyna goşulmak üçin garaşmaly bolar. Beýleki toparçalardaky oýunlardan soň, Şweýsariýanyň ýaryşdaky ykbaly kesgitlener.

Duşuşykda derwezä urlan 42 urgy hasabatlaryň ýöredilip başlanyndan bäri (EURO 1980) bir duşuşykda bellenen iň ýokary görkeziji boldy. Şeýle-de, şweýsariýaly Stiwen Zuber Ýewropa çempionatlarynyň çäginde bir duşuşykda üç asist eden 3-nji futbolçy bolup, ondan daniýaly Mikael Laudrup (1984) hem-de portugaliýaly Rui Koşta (2000) şeýle netije görkezipdi.

Çempionatyň ortaça iň ýaş ýygyndysy hökmünde EURO 2020-e gelen Türkiýäniň ýygyndysy 3 oýunda ýeke utuk hem gazanyp bilmedi. Hatda tasdanam çempionaty gol geçirmezden hem tamamlamaga-da golaý gelipdiler. Türkiýäniň ýygyndysyny derwezesinden 8 gol geçirtdi. Şeýlelikde, 5-nji gezek gatnaşan Türkiýäniň ýygyndysy üçin çempionat juda ir tamamlandy we ýaryşdan çykan ilkinji ýygyndy boldy. Topar häzirki wagtda gatnaşan 24 ýygyndynyň arasyndaky çempionaty iň soňky orunda tamamlajakdygy anyk boldy. Türkiýäniň ýygyndysy mundan 25 ýyl ozal hem, ýagny 1996-njy ýylda ilkinji gezek gatnaşan çempionatyny golsuz, utuksyz we iň soňky orunda tamamlapdy.