Mundan 35 ýyl ozal şu gün futbol taryhynyň ýatdan çykmajak iki ajaýyp goly derwezä girizildi. 1986-njy ýylyň 22-nji iýunynda Meksikada geçirilen Dünýä Kubogynyň çärýek finalynda Argentina bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 51-nji minutynda futbolyň ägirdi, rowaýaty ýyldyzy merhum Diego Armando Maradona täsin gol geçirdi. Boýy 1,65 santimetr bolan Maradona jerime meýdançasynyň içine gelen topy eli bilen derwezä girizdi. Duşuşygyň emini-de topy kellesi bilen girizendir öýdüp, bu goly hasaba alypdy. Duşuşykdan soň Maradona goly eliň bilen geçirdiňmi diýen sowala Taňrynyň eli diýip jogap beripdi. Hiç haçan eli bilen geçirendigini boýun almadyk Maradona bu goldan 4 minut soň, meýdançanyň orta gürpünden alan topuny 5 oýunçyny, soňunda derwezeçini-de aldap derwezä gönükdiripdi. Bu gol geçen asyryň iň owadan goly diýlip saýlanypdy. Şonda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan argentinler soňlugy bilen kubogy eýeläpdiler.