Häzirki wagtda dünýäniň super ýyldyzy, argentinaly futbolçy Lionel Messi resmi ýagdaýda klubsuz. Onuň “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti ýarygijede tamamlandy we ol 1-nji iýuldan başlap erkin agent ýagdaýyna geçdi. Başgaça aýdylanda, Messi islendik topar bilen şertnama baglaşyp biler. Şol toparlaryň arasynda “Barselona” hem bardygyny belläliň. 2000-nji ýyldan bäri “Barselonanyň” düzüminde oýnap gelýän Messi geçen tomusda klubdan gitmek isläpdi, ýöne şertnamasy sebäpli galmaly bolupdy. Häzirki günlerde milli ýygyndysy bilen Kopa Amerikada çykyş edýän ýyldyz futbolçynyň nähili netijä geljekdigini wagt görkezer. Köpler onuň futboly “Barselonada” taşlajakdygyna ynanýarlar. Şol nukdaýnazardan onuň katalonlar bilen täze şertnama baglaşmagyna garaşylýar.