30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň
gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.
Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabaraly çärä gatnaşýanlaryň belleýişleri ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir.
Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap, kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumçylyk serişdeleri we mineral dökünler bilen üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.
Milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde her ýylda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär. Wajyp senagat toplumlary, medeni-durmuş düzümine degişli desgalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär.
Oba zähmetkeşleri alada jogap hökmünde täze zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen Watanymyzyň ykdysady taýdan pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.
Soňra zala her welaýatdan elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekiller geldi.
Çagalar milli Liderimizi bereketli türkmen topragy hem-de ondan bol hasyl alýan zähmetkeş daýhanlarymyz baradaky goşgulary bilen gutladylar. Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Arkadag Prezidentimiz hakyndaky şahyrana setirler belentden ýaňlandy.
Oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda edilýän alada, toprakdan bol hasyl almak, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň abraýyny artdyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin welaýatlaryň ähli zähmetkeşleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalar milli Liderimizi galla oragynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli guralýan dabara bilen gutlap, hormatly Prezidentimize ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.
Döwlet Baştutanymyz gallaçylaryň gazanan üstünligi bilen gutlandyklary üçin welaýatlaryň ýaşajyk wekillerine minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.
Şöhratly pederlerimiziň asylly ýoluny dowam edýän körpeleriň joşgunly çykyşlary bu ýerde guralan çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Edermen gallaçy kärendeçileriň zähmet ýeňşiniň hormatyna guralan dabara çaga gülküleri we çäräniň belent ruhy bilen utgaşdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ýokary depginde ösdürilýändigini belledi. Garaşsyz Watanymyzda belent sepgitler eýelenýär, bu bolsa halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler oňyn netijesini berýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, «Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr» diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşýanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
* * *
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.